Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. Öňde pleý-offlar!

15:1021.10.2021
0
4237
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. Öňde pleý-offlar!

Şu gün Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda üçünji garşydaşy ― Omanyň ýygyndysy bilen hem duşuşdy.

Ilkinji duşuşykda Ý.Rogusskiý Marwan Alkhanjarini 6:0, 6:2 hasabynda ýeňen bolsa, ikinji duşuşykda I.Mämmetgulyýew Isa Ali Alsuleýmanä bir utuk hem almaga mümkinçilik bermedi (6:0, 6:0). Üçünji duşuşykda türkmenistanly jübütler Ali al-Buasidi bilen Isa Ali Alsuleýmanini 6:0, 6:1 hasabynda ýeňip, ýaryşy üstünlikli tamamlady.

Şeýelikde, biziň ildeşlerimiz «B» toparçada 9:0-luk ajaýyp hasabyň eýesi boldular. Munuň özi tutuş ýaryşyň dowamynda hem seýrek gabat gelýän üstünlikdir.

Ýaryşyň pleý-off tapgyryna her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy gatnaşýar. Biziň ildeşlerimiz bu sanawa eýýäm adyny ýazdyrmagy başardylar. Üç toparçadan alty ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriljek nobatdaky tapgyrda iň gowy çykyş eden üç ýygyndy ýaryşyň geljek ýyl geçiriljek indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň