Barbados ilkinji Prezidentini saýlady

11:4821.10.2021
0
1093

Barbados adasynda ilkinji Prezident saýlandy, ol adanyň baş gubernatory Sandra Meýsondyr. Bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Mejlisiň kararyna laýyklykda, Meýson ýurduň baştutany wezipesinde Şa aýaly Ýelizaweta II ýerini eýelär. 30-njy noýabrda Barbadosyň taryhda ilkinji Prezidentiniň inaugurasiýasy bolar.

Barbados 1966-njy ýylda garaşsyzlygyny aldy, emma muňa garamazdan, britan monarhynyň ýolbaşçylygynda galdy. Geçen sentýabrda adanyň häkimiýetleri parlament respublikasy görnüşine geçmek barada karar kabul etdiler, dolandyryşyň bu görnüşi

Barbadosa britan täjinden garaşsyzlygy almaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň