Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükanynda gymmat bahaly sowgatly surat bäsleşigi dowam edýär

12:2920.10.2021
4
8161

«Gerekli» internet dükany alty sany «Samsung Galaxy Tab A8» (T295) planşetini utmaga mümkinçilik berýän surat bäsleşigine gatnaşyjylaryň suratlaryny kabul etmegi dowam etdirýär. Surat bäsleşigine Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň şertine görä, bäsleşige gatnaşyjy «Gerekli» internet dükanyndan haýsy hem bolsa bir önümi satyn almaly we satyn alan önümi bilen bile surata düşmeli. Surat bäsleşiginde 6 sany – her welaýatdan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden bir ýeňiji saýlanylar.

Surat bäsleşigine gatnaşmaklyk üçin @gereklitm instagram sahypasynyň agzasy bolmaly we «Gerekli» internet dükanyndan satyn alnyp, surata düşürilen önümi #gerekli_fotokonkurs heşteginde öz lentaňyzyň çek belgisi bilen ýerleşdirmeli. «Gerekli» internet dükanynyň surat bäsleşiginde bäsleşige gatnaşylara bildirilýän wajyp talap: bir sargyda – bir surat. Instagram sahypasynda surat bäsleşigine gatnaşyjynyň profili görünmeli we surat bu bäsleşik gutarýança lentada durmaly.

«Gerekli» internet dükanynyň surat bäsleşiginde her bir welaýatyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýeňijileri üçin aýratyn sowgat taýýarlanylar we ýeňijileriň baýraklary sargyt goýlanda görkezilen salga gowşurylar.

Suratlar 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli kabul ediler we baýrak gowşurylyş çäresi 2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda bolar.

Şeýle hem, her çarşenbe güni «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda «Gerekli gün» aksiýasynyň gününiň geçirilýändigini ýatladýarys. Bu günde azyk harytlaryndan başlap elektronika önümlerine çenli arzan bahadan satyn almaklyk mümkinçiligi döredilýär. Müşderiler satyn alan önümleriniň tölegini nagt ýa-da nagt däl görnüşinde töläp bilerler. «Gerekli» internet dükany ýurdumyzyň ähli sebitlerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Zehin ( 21.10.2021 )

Gaty boş bäsleşik döredipsiňiz. Manysyz instagram işlänok nädip girjek oňa...

1