Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aşgabatda 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi

21:1019.10.2021
0
5856

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, türgenleşikler 3 ― 13-nji oktýabr aralygynda boldy. Ýaşlar ýygyndymyz geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.

Aziýa Kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu aýyň dowamynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyry. Iordaniýa (Amman ş.)

“F” toparça

25.10.2021 г.

21:00 Türkmenistan – Iordaniýa (“King Abdullah II” st.)

28.10.2021 г.

21:00 Palestina – Türkmenistan (“King Abdullah II” st.)

31.10.2021 г.

21:00 Iordaniýa – Palestina (“King Abdullah II” st.)

Bellik: duşuşyklaryň başlanýan wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň