Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisi geçirildi. Oňa GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew gatnaşdylar. Mejlise türkmen Lideri hem gatnaşyp, çykyş etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda gatnaşyjylary GDA-nyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlap, “Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge ählitaraplaýyn taýýardyr. Şu günki günde Arkalaşyk öz işjeňligini, howplary we gapma-garşylyklary jogapkärçilikli ýollar bilen ýeňip geçmegi başarýandygyny subut edýär hem-de döwletara gatnaşyklaryň wajyp guraly bolup hyzmat edýär” diýip belledi.
GDA-nyň ykdysady ugurlarynyň we gyzyklanmalarynyň Arkalaşygyň geografik çäklerinden daşary öňe sürülmeginiň hem-de ýanaşyk ýurtlaryň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna integrirlenmeginiň wajyplygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti, bu, ilkinji nobatda, ulag-üstaşyr infrastrukturany döretmäge, energogöterijileriň üpjünçiligini işjeňleşdirmäge we giňeltmäge, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň täze ugurlarynyň çekilmegine degişlidir diýip belledi.
Gatnaşyjylar şu ýyl Arkalaşykda başlyklygy üstünlikli ýerine ýetirýändigi üçin Belarus Respublikasyna minnetdarlyk bildirdiler hem-de 2022-nji ýylda başlyklygyň Gazagystan Respublikasyna geçýändigini hoşallyk bilen kabul etdiler.
Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.