Soňky habarlar

Arhiw

«Ессентуки» söwda haryt nyşany 150 ýyllyk ýubileýini belleýär

18:1313.10.2021
0
3484

Bütindünýä meşhur bolan mineral suw — «Ессентуки» söwda haryt nyşany bir ýarym asyrlyk ýubileýini belleýär. Kawkazyň Essentüki şypahana-şäherininiň çäginde ýerleşýän çeşmäniň suwundan 150 ýyldan bäri dünýä meşhur mineral suw öndürilýär. «Ессентуки» mineral suwy 1871-nji ýyldan bäri adybir söwda haryt nyşanly çüýşelere guýlup gaplanýar we häzirki wagtda GDA ýurtlaryna, ABŞ-a, Kanada, Ysraýyla we Günorta Koreýa eksport edilýär.

Essentüki ýatagynyň 23 çeşmesi bar. Bu çeşmeleriň iň meşhurlary guýularynyň sanyndan atlaryny alan «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlarydyr. Mysal üçin, «Ессентуки № 4» aşgazan-içege ulgamyna peýdaly täsir edýän we agyrlaşma wagtynda beden üçin örän zerur bolan dermanlyk suwdyr. Umuman aýdanyňda, «Ессентуки» söwda haryt nyşany düzümi boýunça özboluşly bir aýratynlyga eýedir we bütindünýä boýunça bu mineral suwuň ornuny tutup biljek, oňa meňzeş mineral suw ýokdur. «Ессентуки» mineral suwy alsaňyz, bedeniň ýaralaryny dermanlary we dermanlyk ösümlikleri ulanman bejerip bilersiňiz.

Häzirki wagtda «Akwa holding» kompaniýasy — ady rowaýata öwrülen «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» söwda haryt nyşanly önümleri öndürýän we bu mineral suwlar bilen dünýä bazaryny üpjün edýän ýeke-täk kompaniýadyr.

«Akwa holding» kompaniýasynyň Kawkazyň Essentüki şypahana-şäherininiň çäginde ýerleşýän çeşmeden alnan hakyky mineral suwuň çüýşelere gaplanan görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýän önümçilik kärhanasy bar.

Gyzykly bir taryhy hakykat: Aslynda dermanlyk suwuny açanlar atlar bolupdyr. Atlar bu minaral suwy Essentüki ýatagynyň Kisluşa çeşmesiniň golaýyndaky batgalykdan içipdir. Bu sebitiň ýaşaýjylary atlaryň bu «gudratly suwy» içenden soň käbir kesellerden gutulandyklaryny we soň bolsa onuň adamlarda synag edilendigini gördüler. Netijede ýakymly garaşylma boldy we birneme soň çeşmede guýular oturdyldy.

Türkmenistanda «Ессентуки» söwda haryt nyşanly mineral suwy ýurduň ähli sebitlerindäki söwda tekjelerinden satyn alyp bolýar, şeýle-de ony +99365-72-64-75, +99312-46-37-87 telefon belgilerine jaň etmeklik arkaly sargyt edip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň