Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody täze önüm - kir ýuwmak üçin sabyn öndürip başlady. Bu barada «Jeyhun.news» internet saýty habar berýär.
Kir ýuwujy sabyny öndürmek üçin zawodda täze ussahana işe girizildi. Bu önümiň 9,100 bölegi eýýäm öndürilip içerki bazarlara çykaryldy. Täze önüm bolan kir ýuwujy sabynlaryň her biriniň agramy 150 gramdyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody mineral dökünleri, kükürt turşulygy we kislorod öndürýär. Häzirki wagtda bolsa zawod içerki bazaryň zerurlyklaryna laýyklykda öz alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeltmegi maksat edinýär. Şonuň üçin hem bu ýerde täze önümleri öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
2024-nji ýyla çenli zawotda konsentrirlenen fosfor öndürmek üçin täze ussahanany gurmak meýilleşdirilýär.