“Apple” iOS 15.0.2 täzelenmesini döretdi

17:3612.10.2021
2
4041

Şu gün “iPhone-yň” programma üpjünçiliginiň öňki wersiýalarynda bar bolan birnäçe näsazlyklary düzedýän ikinji iOS 15 täzelenmesi ulanyşa goýberildi. iOS 15.0.2 täzelenmesi “iMessage-daky” ýatda saklanan suratlaryň bozulyp aýrylan ýagdaýynda olaryň doly ýitmeginiň öňüni almaga ukyplydyr. Mundan başga-da, “iPhone” üçin niýetlenen deri gapjygyň lokatora birigip bilmezligi we “Air Tags-yň” enjamlaryň sanawynda görkezilmezligi bilen bagly meseleler aradan aýrylýar.

iOS 15.0.2-ni döredijiler “CarPlay-yň” ses programmalaryny açyp bilmezligine sebäp bolup biljek näsazlygy, şeýle hem “iPhone 13” smartfonynda OU-nyň dikeldilmegi ýa-da täzelenmegi bilen baglanyşykly meseleleri düzedip biler. Şeýle-de iOS 15.0.2-de a howpsuzlyk düzedişleriniň birgideni göz öňüne tutulandyr. iOS 15.0.2 bilen birlikde iPad OS 15.0.2 hem döredildi. 3dnews.ru tehnologik tematikaly saýtyň habar bermegine görä, täzelenmäniň soňky wersiýalary ähli gabat gelýän enjamlar üçin eýýäm elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň