Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gowaklar şäheri – Ýekedeşik

20:4511.10.2021
0
38677

Taryhy-medeni ähmiýetli ýadygärlik bolan gowaklar şäheri. Ýekedeşik Murgap derýasynyň çep kenarynda ýerleşýär. Ol derýadan 100 metr belentlikde galareýalary umumy geçelge bilen birleşdirilen iki gat labirintdir. Gowaklaryň uzynlygy 37 metr. Adyndan belli bolşy ýaly, äpet toplumyň ýeke girelgesi bar, bu bolsa ony göze ilmez we mäkäm edipdir. Alymlar bu binagärlik ýadygärligi miladydan öňki I asyrda döräpdir diýip hasaplaýarlar.

Gowaklaryň döreýşi syrly bolup galýar. Ötlem-ötlem şäher türkmen ertekileriniň we rowaýatlarynyň ençemesinde duş gelýär. Rowaýatlaryň birinde gowaga iki hatar düýe kerweniniň girip-çykyp bilendigi aýdylýar. Arheologlaryň köpüsi şäher gadym döwürlerde Orta Aziýada ýaşan hristian ýa-da buddaçyl monahlaryň ýerasty kilisesi bolupdyr diýip çaklaýarlar. Ýekedeşikde aýry-aýry otaglaryň jemi 44-si bar. Diňe olaryň käbiriniň ýykylanlygy sebäpli, olara baryp bolmaýar. Otaglaryň käsinde ikinji gata çykmak üçin beýik basgançakly merdiwanlar duşýar. Birinji gatyň otaglarynyň belli bir bölegi ýerasty çeşmelerden suw toplamak üçin, ikinji gaty ýaşaýyş üçin ulanylypdyr. Otaglaryň käbiri giň ekeni, olara tutuş maşgalalar ýerleşip biljek.

Diwarlary gasyn-gasyn edilensoň Ýekedeşikde ses eşidilmeýär. Diwarlarda ýag çyralar üçin ýörite oýuklar gabat gelýär diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň