Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde çäksiz Wi-Fi ulgamy ýola goýuldy

14:2410.10.2021
0
25931

Täzelikde gurlup ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda-alyş merkezinde ýokary tizlikli interneti üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy.

Bu ýerde internet ulgamyna birikmek üçin ýüze çykýan mümkin bolan torlaryň sanawyndan Telecom Wi-Fi salgyny saýlamak ýeterlikdir. Netijede, Wi-Fi torunyň giriş sahypasy açylýar.

Fiziki şahslara hödürlenilýän Wi-Fi tehnologiýasyna esaslanýan internete giriş hyzmatlarynyň häzirki nyrhnamalaryny şu ýerden tapyp bilersiňiz. Çäksiz internetiň tizligi bir ulanyjy üçin 3 mbit/sekunda barabardyr.

Belläp geçsek, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi sentýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň