Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygyny 2022-nji ýylyň Bitaraplyk baýramyna çenli tamamlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.
Milletiň Lideri Köpetdagyň eteginde guruljak täze athananyň taslamasy bilen tanyşlygynyň çäginde meşhur Polatlynyň heýkeliniň ýanynda aýak çekdi. Bu ýerden Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýaýlalary, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary görünýär.
Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutany gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman tejribeleriniň işjeň ulanylmagynyň, bina edilýän dürli maksatly desgalarda ýokary amatlyklaryň döredilmeginiň, gurluşyk işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekip, onda “akylly öý” intellektual ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagyny öz içine alýar diýip, bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.