Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler el göreşi boýunça Hazarýaka döwletleriniň arasynda geçirilen halkara ýaryşda dört medal gazandylar

23:0029.09.2021
0
7568
Türkmenistanly türgenler el göreşi boýunça Hazarýaka döwletleriniň arasynda geçirilen halkara ýaryşda dört medal gazandylar

Ýakynda Astrahan şäherinde el göreşi boýunça «Hazarýaka döwletleriniň kubogy» atly birinji halkara ýaryş geçirildi.

Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy.

Ýaryşda biziň ildeşlerimiz bürünç medallaryň üçüsini we bir kümüş medal gazandylar. Bu barada «МК в Астрахани» neşiri habar berýär.

Umumy medal sanawynda Russiýanyň topary birinji, Gazagystanyň topary ikinji, Eýranyň topary üçünji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň