Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüm başlygynyň geljekki hyzmatdaşlyklar bilen bagly tekliplerini diňledi

16:5029.09.2021
0
3775

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“John Deere” kompaniýasy giň möçberli milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şu döwürde ýurdumyza degişli kysymdaky dürli oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri we hünärmenleri tehnikalaryň görnüşlerini kämilleşdirýärler, olaryň Türkmenistanyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi babatda bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär diýip, myhman belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Pudagyň täzeçil esasda tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Täze görnüşdäki we kämil tehnikalary satyn almak bilen, biz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda işewür döwlet Baştutanyna ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmek we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda täze görnüşli pagta ýygyjy we galla orujy kombaýnlarynyň, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalarynyň iberilýän görnüşlerini artdyrmak meselelerine kompaniýanyň möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň