Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Gap Inşaat kompaniýasy Aşgabatda iki sany saglyk merkezini gurar

23:4926.09.2021
1
26094

Aşgabatda iki sany täze desganyň — birbada 400 adamy kabul etmäge ukyply Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem 250 adamlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy başlanar.

Taslamany «Gap Inşaat» türk kompaniýasy amala aşyrar. Şertnama laýyklykda, türk kompaniýasy täze lukmançylyk edaralaryny «açary gowşurmak şerti bilen bilen gurar we desgalaryň ulanyşa doly taýýarlygyny hem-de zerur bolan enjamlar we sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligini üpjün eder. Desgalary 2024-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa bermek meýilleşdirildi.

Bulardan başga-da, türk potratçysy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasyny tölegsiz esasda gurar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň