Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

23:4826.09.2021
0
6007

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderini şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanyna berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutany gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin işewüre minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany hem-de Türkiýäni taryhyň jümmüşine uzap gidýän dost-doganlygyň berk gatnaşyklarynyň, ruhy-medeni däpleriniň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şunda türk kompaniýalary bilen netijeli işewürligiň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň