Dubliniň Trinit kollejiniň alymlarynyň geçiren täze gözleglerine görä, häzirki zaman ýaponlar, öň pikir edişimiz ýaly, iki däl-de, üç gadymy medeniýetden gelip çykýar.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler 12 gadymy genomyň yzygiderliliginden soň, miladydan öňki 300 ― 710-njy ýyllar aralygynda Kofun imperiýasy döwründe bolup geçen Gündogar Aziýaly ata-babalaryň Ýaponiýa ikinji gezek gelendigi barada netijä geldiler.
Gözlegiň esasy awtory Şigeki Nakagomanyň pikiriçe, «Häzirki zaman ýaponlaryň çylşyrymly gelip çykyşyna düşünişimiz, gadymy genomikanyň taryhdan öňki adamzat döwürleri barada başgaça görüp bolmaýan täze maglumatlary açmakdaky güýjüni ýene bir gezek görkezýär» diýdi. Bu barada «nat-geo.ru» ýazýar.