Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Gazanylan üstünlikler bilen çäklenmeli däldiris»

17:2726.09.2021
0
1142

Biz gazanylan üstünlikler bilen birjik-de çäklenmeli däldiris. Geljekde hem başlan özgertmeler syýasatymyzy dowam etmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegi baş maksadymyz hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Häzirki döwürde biziň öňümizde oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmegi gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly we oýlanyşykly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly örän giň möçberli wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş şertlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmalydyrys. Täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmelidiris. Hususan-da, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge telekeçileri giňden çekmelidiris. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, oba ilatynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi hem talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň