Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maryly aragatnaşykçylar sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada duşuşyk geçirdiler

13:0625.09.2021
0
7214

22-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» EAK-nyň «Marytelekom» WEAK-sy, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde welaýatyň dürli edara-kärhanalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport toplumlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda hünärmenleriň giň gerimli çykyşlaryna orun berildi. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, elektron we maglumatlar binýadyna daýanýan hyzmatlar ulgamyny täze tapgyra çykarmak, şeýle-de raýatlara döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek çykyşlaryň esasyny düzdi. Hususan-da, «Marytelekom» WEAK-nyň direktorynyň elektroaragatnaşyk boýunça orunbasary A.Hallyýew giriş sözi bilen Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy barada, «Marytelekom» WEAK-nyň Sanly ulgam, maglumat howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ý.Ýusubow telekeçiligiň dürli ugurlarynda mahabatlaşdyryjy web sahypalary işläp taýýarlamak we olary dünýä bazaryna çykaryp köpçüligiň islegine görä ösdürmek barada, «Marytelekom» WEAK-nyň Sanly ulgam, maglumat howpsuzlyk bölüminiň hünärmeni Ý.Sähetmyradow türkmen milli elektron poçtasy sanly.tm we korporatiw poçtalary barada, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni B.Hançaýew “Sanly ösüş – geljegiň talaby” atly tema boýunça, “Marytelekom” WEAK-nyň Internet bölüminiň hünärmeni E.Hojamyradow “Türkmentehnogurluşyk” ÝGPJ-niň GPS sanly monitoring ulgamy barada, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy M.Ataýew sanly tehnalogiýalar arkaly elektrik energiýasynyň sarp edilmegine gözegçilik etmek barada, şol institutyň hünärmeni M.Geldiýew elektron zähmet depderçe barada, telekeçi K.Akmyradow harytlary we hyzmatlary mahabatlandyrmakda sanly mümkinçilikler hem-de söwda ulgamyny awtomatlaşdyrmak barada çykyş etdiler.

Çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hünärmenler ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň belent sepgitlere ýetmegi we ildeşlerimize döwrebap hyzmatlaryň hödürlenmegi üçin yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň