Ýangynlar ýüz ýaşly sekwoýýa agaçlaryna howp salýar

10:0520.09.2021
0
1157

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tokaý ýangynlary Mähnet tokaý (Giant Forest) diýlen ýerdäki dört sany goja sekwoýýa agaçlaryna howp salýar, “Dört esger” diýen at bilen belli bolan bu agaçlar iki müň sany sekwoýýa agajyndan ybarat jülgä eltýän ýoluň ýakasynda seleňläp otyr. Häzir bu dört daragta nä derejede zeper ýetendigi belli däl diýip, AP habarlar gullugy ýazýar.

9-njy sentýabrda ýyldyrym urmagyndan başlanan ýangynlar häzir 4500-den gowrak gektar tokaýy ýok etdi.

Ştatyň Tokaý hojalygy we ýangyn howpsuzlygyna garşy göreş edarasy 10 müň 400 işgäriniň Kaliforniýadaky 14 sany iri tokaý ýangynlaryna garşy göreşýändigini habar berdi.

Ady agzalan ştatda howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykan ýangynlar uzak ýaşly agaçlara howp salýar. Milli seýilgähleriň gullugy geçen ýylda şeýle ýangynlaryň 10 müň 600 sany sekwoýýa agajyny ýok edendigini habar berdi. Bu dünýädäki şeýle agaçlaryň umumy sanynyň14 göterimine deňdir.

Ýangyn söndürijiler olary goramak üçin ot geçirmeýän ýapynjalara büreýärler. Şeýle ýapynja bilen goralýan belli sekwoýýa agaçlarynyň arasynda “General Şerman” diýen daragt hem bar, onuň beýikligi 84 metr we biliniň göwrümi 31 metre barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň