VI Kenarýaka Aziýa oýunlary 2023-nji ýyla süýşürildi

21:4519.09.2021
0
2026
VI Kenarýaka Aziýa oýunlary 2023-nji ýyla süýşürildi

Hytaýyň Sanýa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär VI Kenarýaka Azýa oýunlary 2023-nji ýyla süýşürildi. Bu barada Gazagystanyň Milli Olimpiýa komiteti Aziýanyň Olimpiýa geňeşine salgylanyp habar berýär.

Nobatdaky Kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy Hytaýa 2019-njy ýylda berlipdi. Ýaryşyň maksatnamasyna sportuň 16 görnüşi girizildi. Onda 40 döwletden 2 müňden gowrak türgeniň ýaryşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende aýtsak, başda bu Oýunlar 2020-nji ýylda geçirilmelidi. Gatnaşyjylaryň saglyk babatyndaky howpsuzlygy göz öňünde tutulyp, ýaryşlar 2021-nji ýyla süýşürilipdi. Indi bolsa ol ýene iki ýyl soňa süýşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň