Hindistan sanjymlar boýunça ikinji orna çykdy

19:1819.09.2021
0
1219

Hindistanda geçen annada ilatyň arasynda iň ýokary derejedäki sanjymlar geçirildi, ýagny bir gije-gündizde raýatlaryň 22 milliondan gowragyna sanjym edildi. Bu awgust aýynda geçirilen sanjymlaryň umumy sanyndan üç esse ýokarydyr. Bu barada India Today gazeti ýazýar.

Ýurduň saglygy goraýyş ministrligi bu üstünligi Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modiniň doglan gününe sowgat diýip häsiýetlendirdi, ol geçen annada 71 ýaşady. Premýer-ministr Modi şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ilatyň arasynda koronawirus ýokanjynyň we onuň pidalarynyň artmagy bilen baglylykda tankyt edilipdi.

“Her bir hindistanly bu günki sanjymlaryň rekord derejesine buýsanyp biler. Geliň, COVID-19 ýokanjynyň soňuna çykmak üçin sanjym almagymyzy dowam edeliň!” diýip, Modi begenjini halky bilen paýlaşdy.

Soňky bir aýyň dowamynda Hindistanda her gün 7 million adama sanjym edildi.

Ilatyň arasynda sanjym işleriniň geçirilmegi AstraZeneca kompaniýasynyň waksinalary Hindistanyň syworotka instituty tarapyndan köpçülikleýin öndürilip başlanandan soňra has-da çalt depgine eýe boldy. Ady tutulan institut sentýabrda 200 million sany sanjymy öndürer, geçen awgustda bu görkeziji 150 milliona deň boldy.

Şeýle-de ýerli Bharat Biotech kompaniýasy özüniň Covaxin sanjymlarynyň 30 millionyny, Cadila Healthcare 10 million sanjymy taýýarlap, ählumumy tutuma goşant goşmagy wada berýärler.

Häzir ilaty 1,35 milliard adama deň bolan Hindistanda 800 million adama sanjym edildi, bu Hytaýdan soňra dünýäde ikinji görkezijidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň