“Blumberg” dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny çap etdi

19:1419.09.2021
0
1105

Dünýäniň iň baý maşgalalarynyň 25-siniň emlägi geçen ýylda 312 milliard amerikan dollaryna çenli artypdyr. Bu barada Blumberg neşiriniň çap eden sanawynda getirilýär.

Sanawda ilkinji orunda 238,2 milliard dollarlyk emlägi bilen Uoltonlaryň maşgalasy durýar, bu amerikaly maşgala dünýäde iň uly Walmart naýbaşy marketleriň toplumynyň eýesidir, maşgala geçen ýylda baýlygyny ýene 23 milliard dollar artdyrmagy başarypdyr. Ikinji orunda Mars kemputlaryny öndüriji adybir kompaniýanyň eýesi bolan Marslaryň maşgalasy durýar, olaryň baýlygy 141,9 milliard amerikan dollaryna deňdir. Üçünji orunda Koch Industries nebit himiýasy kompaniýasynyň eýesi bolan doganlar Dewid we Çarlz Kohlar eýeläp, olaryň umumy emlägi 124,4 milliard dollara barabardyr.

Dördünji orun Fransiýadan Ermeleriň maşgalasyna degişli, olar Hermes modalar öýüniň eýeleri bolup, umumy emlägi 111,6 milliard dollardan geçýär. Saud Arabystanynyň patyşalyk maşgalasy bäşinji orunda durup, emlägi 100 milliard dollardan ybaratdyr.

Iň baý maşgalalaryň sanawyny onlaýn söwdalar bilen meşgulanýan Jonsonlaryň maşgalasy jemleýär, olaryň baýlygy 33,8 milliard dollara ýetýär.

Ýeri gelende aýtsak, häzir dünýäde millionerleriň sany 20 milliondan hem geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň