Soňky habarlar

Arhiw

«Crew Dragon» älem gämisi Ýere gaýdyp geldi

18:1019.09.2021
0
3501

Ilkinji uçuşyny hiç hili tejribesi bolmadyk düzüm bilen amala aşyran «Crew Dragon» älem gämisi Atlantik ummanyna gelip düşdi. Dört adamdan ybarat bolan ekipaž üç gün töweregi pes orbitada boldy.

Uçuş wagtynda älem gämisi 590 kilometr belentlikdäki orbita ýetdi, bu HKS-nyň orbitasyndan ep-esli ýokarydyr.

«Euronews»-yň habaryna görä, gatnaşyjylar rak keseli bolan çagalary bejermek üçin serişdeleri toplamak üçin haýyr-sahawat maksatlaryndan başga-da, orbitada agramsyzlygyň adam bedenine täsiri bilen baglanyşykly ylmy synaglary geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň