Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jeki Çan täze filminiň surata alnyş işlerini tamamlady

17:3728.01.2025
0
16413
Jeki Çan täze filminiň surata alnyş işlerini tamamlady
Surat: rbc.ru

Gonkongly meşhur kino aktýory Jeki Çanyň «The Shadow's Edg» (takmynan terjimesi «Kölegäniň çeti», emma film prokatda başga atlandyrylyp bilner) atly täze filminiň surata alnyşy tamamlandy. Film Çan bilen hytaýly režissýor Larri Ýanyň bilelikdäki ikinji işidir diýip, «Deadline» neşirine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi. Olar öň 2023-nji ýylda 30 ýurtda prokata çykan «Kung-fu taýçanak» atly filmi bilelikde döredipdiler.

70 ýaşly Jeki Çan täze filmde pensiýadaky işine jür aňtawçynyň keşbinde çykyş edýär. Ýaş aňtawçylar onsuz mekir ogrularyň toparyny ele salyp bilenoklar.

Gonkongly aktýor Jeki Çan diňe bir Gündogaryň başa-baş söweş sungatlarynyň ussady bolman, zehinli komediýa aktýorydyr.

Çan kino geçen asyryň 60-njy ýyllarynda geldi, emma baş keşplerde 1970-nji ýyllarda surata düşüp başlady. Şondan bärem aktýorlyk kärini dowam edýär. Onuň meşhur filmleriniň arasynda «Oglanjyk-karateçi», «Täsinlikler», «Bronksdaky tutluşyk», «Men kim?» we «Aždarhalar hemişe» ýaly filmler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň