Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ganyň saglygy üçin zerur bolan 5 sany esasy önüm

0
1729

Ganyň saglygy, onuň düzüminiň arassalygy biziň durmuşymyzyň, jan saglygymyzyň esasyny düzýär. Gan öýjükleri kislorod bilen üpjün edýär, toksinleri aýyrýar hem-de bedeniň immun ulgamyny goldaýar. Onuň ýagdaýy gönüden-göni durmuşymyza we iýmitlenişimize baglydyr. Ganyň saglygy üçin peýdaly bolan esasy bäş önüm barada durup geçeliň.

Üzüm: ganazlyga garşy tebigy göreşiji

Üzüm foliý turşusyna, demre, witaminleriň C we B toplumyna baýdyr. Bu demir ýetmezçiligi we dowamly ýadawlyk üçin iň oňat dermandyr. Gan bilen baglanyşykly meseläňiz bar bolsa, günde 1 kg üzüm iýip bilersiňiz, ýöne kaloriýa mukdaryny ýatda saklamak möhümdir.

Bellik: semizlikde, süýji keselde, aşgazan-içege ulgamynda saglyk näsazlygy we dowamly öýken keselleri bolan adamlara bu maslahat berilmeýär.

Käşir: gany arassalaýjy

Käşir gan öýjüklerinden toksinleri aýyrýar, olaryň dikelmegine itergi berýär we antioksidant derejesini ýokarlandyrýar, rak keseliniň töwekgelçiligini azaldýar. Täsin ýeri hem, käşir gaýnadylan mahalynda täze antioksidantlar emele gelýär.

Maslahat: Karotiniň artykmaçlygy zerarly deriniň saralmagyndan gutulmak üçin käşiri kadaly iýiň.

Alma: ählumumy kömekçi

Almalaryň düzüminde demriň özleşdirilmegine kömek edýän witaminler we minerallar toplumy bar. Şeýle hem, ol gan ýygnamak üçin zerur bolan kalsiý we holesterini peseldýän pektine baýdyr.

Teklip: ýokary kislotalylyk ýagdaýynda almanyň süýji görnüşlerini saýlaň.

Şugundyr: tebigy gan emele getiriji önüm

Şugundyr B witaminlere, demir we foliý turşusyna baýdyr. Ol gan aýlanyşyny gowulandyrýar, gan damarlaryny güýçlendirýär we sklerozyň öňüni alýar. Bal bilen şugundyryň suwy ganazlygy bejermekde täsirlidir.

Üns beriň: Bu suwy içmezden ozal birsalym goýmalydyr. Muny peýdalanmak böwrek meseleleri we aşgazan-içege kesellerinden ejir çekýänlere maslahat berilmeýär.

Bagyr: ýokumly maddalaryň ammary

Bagryň düzüminde aňsat siňdirilýän demir, heparin, kalsiý we foliý turşusy bar. Ol gan toplamagy tizleşdirýär, tromblaryň döremeginiň öňüni alýar we ganazlyga garşy göreşýär. Peýdaly aýratynlyklaryny saklamak üçin bagry çalt bişirmek möhümdir.

Üns beriň: Düzüminde beloklaryň köp bolandygy üçin uly ýaşlylar bagry kabul etmegini çäklendirmeli.

Suwuklygyň deňagramlylygyny saklamak

Ganyň sagdynlygy üçin günde azyndan 8 bulgur suw içip, bedende suwuň kadasyny saklamak möhümdir. Iýmitiňize ter gök önümleri we miweleri goşmak hem bedeniňizde suwy ýeterlik mukdarda saklamaga kömek edýär.

Gany suwgaldýan önümler: losos, injir, sarymsak, sitrus miweleri, zeýtun, kaştan, şugundyr, nar, imbir.

Gany goýaldýan önümler: alkogol, şeker, garpyz, ýagly et, konserwirlenen iýmitler, kakadylan et, gazly suw, banan, ýeralma.

Kadaly iýmitlenmegiň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ganyňyzyň hem-de bedeniňiziň saglygynyň açarydygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Peýdalanylan çeşme: danimed.spb.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar