Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:2528.01.2025
0
22327

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglady, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Aşgabatda Leningradyň gabawdan azat edilmegine bagyşlanan çäreler geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

2. Türkmen wekiliýetiniň Daşkent şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň döwlet Baştutanyna iberen salamyny ýetirdi.

3. Aşgabatda Leningrad şäheriniň abawdan doly azat edilmeginiň 81 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminde gabaw döwründe Leningradda ýaşan Galina Mämmedowa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň okuwçylary we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Galina Mämmedowa gabaw günleriniň pajygaly we gahrymançylykly wakalary barada öz ýatlamalary bilen paýlaşdy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek «Gabaw çöregi» aksiýasy geçirilip, ähli gatnaşyjylara gabaw mahaly Leningradyň ýaşaýjylarynyň gündelik paýy – 125 gram çörek bölegi paýlandy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň dowamynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg we ýazky gowaça ekişine taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda, dokma toplumy we hususy pudagyň meseleleri boýunça orunbasary Nökerguly Atagulyýew energetika, senagat, ulag we ýokary tehnologiýalaryň türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi. Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabarada çykyş etmek bilen, Atagulyýew ulag we energetika pudaklarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary bolup durýandygyny belledi hem-de iki ýurduň TOPH gaz geçirijisi we Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar, Demirgazyk – Günorta ýaly iri halkara taslamalara gatnaşýandygyny nygtady.

Dünýäde

7. Beýik Britaniýada 200-den gowrak kompaniýa dört günlük iş tertibini girizdi. Täzelik tehnologiýa pudagy, marketing agentlikleri we haýyr-sahawat guramalary ýaly işewürligiň dürli ugurlaryna ornaşdyryldy. «4 Day Week Foundation» gaznasynyň ýolbaşçysy Jo Raýl ýüz ýyl mundan ozal peýda bolan adaty bäş günlük iş hepdesiniň häzirki şertlerde ähmiýetini ýitirendigini belleýär. Onuň pikiriçe, gysgaldylan iş hedesi işgärleriň kanagatlylyk derejesini we öndürijiligini artdyrmaga ýardam berýär.

8. «Sen gapymy kak» atly meşhur türk serialynyň ýyldyzy Kerem Bürsin bu gezek «Gul. Ajaýyp asyr» komediýasynda baş gahrymanyň keşbinde tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagyny dowam etdirýär. 23-nji ýanwarda çykan türk remeýk filmi 111 million rubl toplap, Russiýanyň prokatynda ynam bilen öňdeligi eýeleýär. Serkan Bolatyň keşbi arkaly halkara derejesinde meşhurlyk gazanan Bürsin indi tomaşaçylaryň öňünde lälik mirasdüşeriň keşbinde çykyş edýär.

Sport täzelikleri

9. 2025-nji ýylyň fewralynda Harbin şäherinde geçiriljek dokuzynjy Gyşky Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk topary ýaryşlaryň resmi tumarlaryny tanyşdyrdy. Olar Binbin we Nini atly iki sany amur gaplaňy boldy. Olaryň atlary «Harbine hoş geldiňiz» diýen jümle bilen sazlaşýar we baýramçylyk duýgusyny döredip, hemmeleri gyşky sport ýaryşlaryna çagyrýar.

10. Ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara ABŞ-da geçirilen ýaryşda görlüp-eşidilmedik tilsimi ýerine ýetirdi. Ýaş snoubordçy 6,5 aýlaw bilen bökmegi başardy, bu bolsa rekord 2340 gradusa deňdir. 19 ýaşly türgen tramplinden böken badyna aýlanmaga başlap, uly ussatlyk görkezdi we ony ajaýyp gonuş bilen tamamlady. Bu çykyş oňa diňe bir altyn medal däl, eýsem, eminleriň iň ýokary bahalaryny hem getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň