Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasy taýýarlanylýar

22:5016.09.2021
0
3571

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak hemişelik esasda hereket edýän bu toparyň mejlisleriniň gün tertibinde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Häzir degişli teklipleriň we bellikleriň esasynda onuň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.

Sekiz bölümden ybarat bu resminama Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Olar milli derejede kabul ediler.

Maksatnama ýurdumyzyň ýer we suw kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy ýagdaýlaryň täsirini nazara almak bilen, öňüni alyş çärelerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, bioköpdürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça hereketleriň toplumlaýyn strategiýasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Bu meseläniň diňe bir sebitde däl, eýsem, ählumumy möçberde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Biziň ýurdumyz durmuş-ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem Aral meselesiniň ileri tutulýan ugurlaryny oňyn çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aral boýunça Milli maksatnamanyň hödürlenilen taslamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň