Soňky habarlar

Arhiw

“Crew Dragon” kosmos gämisi jahankeşdeleri 585 kilometr belentlige çykardy

21:2716.09.2021
0
1391

Crew Dragon älem gämisi ilkinji raýat jahankeşdelerinden ybarat Inspiration4 topary bilen 585 kilometr belentlikdäki orbita çykdy, bu barada şu gün Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň Twitterdäki sahypasynda habar berildi.

“Dragon we Inspiration4 topary älemde iň ýokary belentlige galdy” diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Öň bu gämini älemde 575 kilometr beýiklige çykarmak meýilleşdirilipdi, bu Halkara Kosmos Stansiýasyndan hem ep-esli aňyrdadyr, HKS 420 kilometr töweregi belentlikde ýerleşýär.

Düýn, 15-nji sentýabrda älem gämisini açyk kosmosa çykarmak üçin Falcon 9 raketa-göterijisi ABŞ-nyň Gündogar kenar ýakasynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan badalga aldy.

Topar üç gün açyk asmanda bolup, soňra Dragon Crew gämisi Atlantik ummanynyň suwlaryna gonar.

Toparyň baştutany 38 ýaşly milliarder Jared Isaakmandyr, ýene bir agzasy ABŞ-nyň harby-howa güýçleriniň weterany Kris Sembroski, toparda Heýli Arseno atly gyz hem bar.

SpaceX kompaniýasynda habar berlişi ýaly, äleme uçurylan topar ylmy-barlaglar bilen meşgullanar, ol barlaglar adamlaryň saglygyny gowulandyrmak maksady bilen geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň