Arhiw

Lebap welaýatynda 5 çaga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edildi

11:1016.09.2021
0
20435

Howandarlyga mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna şu ýyl Lebap welaýatynda 5 çaga operasiýa edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirilen bu operasiýalar üstünlikli amala aşyryldy. Häzirki wagtda çagalaryň saglyk ýagdaýy gowy.

Operasiýa geçirilen çagalaryň üçüsi Welaýat çagalaryň saglygyny dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyndan. Olardan Şiraly Awlýakulowa çep tarap dyz bogunyň çekiji peýlerini uzaltmak, Ulugbek Hudaýbergenowa çep dabanyň ahiloplastikasy, Alihan Muhammedowa bolsa sag tarap dyz bogunynyň çekiji peýlerini uzaltmak operasiýalary geçirildi. Welaýat çagalar öýünden çagalaryň ikisine bolsa heýloplastika operasiýasy geçirildi.

Operasiýalary merkeziň tejribeli hünärmenleri äň-ýüz hirurgy Ziýada Baltaýewa, trawmatolog-ortaped lukmanlary Çary Bazarow, Hojageldi Kerimow hem-de Hemra Tekäýew dagy üstünlikli amala aşyrdylar.

Umuman, ýokarda ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatda jemi 40 çagany operasiýa etmek meýilleşdirilýär. Şol sanda olaryň käbiri paýtagtymyzdaky halkara derejeli saglyk merkezlerinde operasiýa ediler.

Ýeri gelende, şu ýyl döredilen gaznanyň serişdelerinden iýun aýynda welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» ulaglarynyň 10-sy sowgat berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň