Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji aprelde Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler

17:4206.04.2025
0
40548

7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Aşgabat şäherinde sport çäreleri bilen birlikde, köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem giňden ýaýbaňlandyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ertir – 7-nji aprelde Aşgabat şäheriniň käbir köçelerinde günüň birini ýarymynda ulaglaryň hereketiniň wagtlaýyn çäklendiriljekdigini habar berýär.

Bellenilişi ýaly, welosipdeli ýörişler Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil şaýolunyň ugry bilen, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň kesişmesindäki aýlawly hereketinden demirgazyklygyna, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Ruhyýet köşgine çenli aralykda geçiriler. Ir säher bilen ulaglaryň hereketi görkezilen ugurlar boýunça ýörişler tamamlanýança çäklendiriler.

Şonuň üçin her bir ulagly hereket etjek aşgabatlylara we onuň myhmanlaryna hereketi Andalyp, Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk şaýollarynyň üsti bilen dowam etmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň