Arhiw

Aşgabatda täze ýerasty geçelgeleriň 4-si açyldy

23:5515.09.2021
0
10836
Aşgabatda täze ýerasty geçelgeleriň 4-si açyldy

Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan täze ýerasty geçelgeler dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi, şeýle-de duralgalar guruldy.

Taslamalar ýerine ýetirilende Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklary esasynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleri utgaşdyryldy. Olaryň bezelişinde peýdalanylan serişdeler hil aýratynlygy bilen tapawutlanyp, milli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär.

Ýol-ulag ulgamyna degişli bu desgalar pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny, rahatlygyny gazanmagyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Ýerasty geçelgeleri bezemekde ulanylan milli nagyşlar, göl hem-de dürli surat şekilleri, owadan bezeg daşlary we mermerler, şeýle hem yşyklandyryjylar bu desgalara ajaýyp öwüşgin çaýyp, kalbyňda çäksiz ruhubelentlik döredýär.

Seýilgähiň yşyklary paýtagtymyzyň şu künjeginiň älemgoşar şekilini emele getirip, özboluşly görnüşi janlandyrýar. Munuň özi tyllaýy agşamlaryň görküne görk goşup, Ginnesiň rekordlar kitabynda pugta orun eýelän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyplygyny artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň