Arhiw

Aşgabatdaky «Iş Nokady» koworking merkezinde «MiniBoss» işewürlik mekdebiniň «Açyk gapylar» güni geçiriler

12:4115.09.2021
0
3102

25-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky «Iş Nokady» koworking merkezinde «MiniBoss» işewürlik mekdebiniň gurnamagynda 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler üçin, işewürlik biliminiň global ulgamy barada has giňişleýin öwrenmek isleýän her bir adam üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler.

«Açyk gapylar» gününde «MiniBoss» işewürlik mekdebiniň müdiri çykyş eder, akademik derejesindäki nou-hau programmasy bilen tanyşdyrar we bu programmanyň taryhy hem-de özboluşlylygy barada gürrüň berer. Şeýle hem ol «Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylaryň ähli soraglaryna jogap berer.

Guramaçylar, «Açyk gapylar» günündäki okuwyň dowamynda diňleýjilerde 8Q aňyýetiniň (sekiz intellektual) peýda boljakdygyny we pikirlenişiň giňeljekdigini öňe sürýärler. Mundan başga-da, «Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylaryň hemmesine onlaýn we interaktiw formatda sapaklary geçirmegiň usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik bolar.

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň 25-nji sentýabrda geçirjek «Açyk gapylar» gününde ýokanç keselleri babatda howpsuzlygy üpjün etmeklik üçin ähli zerur çäreler ýerine ýetiriler.

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaklyk üçin +993 12 46-81-65 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň «Açyk gapylar» gününiň başlanýan wagty: 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda, sagat 12:00-da.

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň «Açyk gapylar» gününi geçirýän binasynyň salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň J blogynyň 10-njy gaty,

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň «Açyk gapylar» gününiň maksatnamasy baradaky maglumatlary ashgabat.miniboss-school.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz

«MiniBoss» işewürlik mekdebiniň instagram sahypasy: @miniboss_ashgabat

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň