Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çagalar üçin halkara programmirleme mekdebi işleýär

10:3614.09.2021
0
10892

CODDY® mekdebi – dürli okuw ugurlary bolan ilkinji çagalar programma mekdepleriniň biridir. Bu halkara programmirleme mekdebinde öwredilýän her bir programma aýratyn bolup, bir-biri bilen meňzeş däldir.

Aşgabatdaky CODDY® mekdebinde her bir çaga kompýuter tehnologiýasy ugrundaky zehinini ösdürip biler, hususan-da, öz web sahypalaryny, ykjam programmalary, oýunlary, multfilmleri döretmegi öwrener, hat-da öz döredijilik taslamasyny hem oýlap tapmagy başarar.

Aşgabatdaky CODDY® mekdebiniň sapaklary IT kompaniýalarynyň ofislerinde geçirilýär, bu ýerde okuwçylara ýokary tehnologiýalar dünýäsine doly aralaşmaga mümkinçilik berilýär.

Aşgabatdaky CODDY® mekdebinde çagalara tejribeli mugallymlar kompýuter tehnologiýalryny özleşdirmeklikde, bu ugurdaky bilimlerini giňeltmeklikde we çuňlaşdyrmaklykda ilkinji ädimleri ätmäge kömek eder.

CODDY® halkara mekdebi şu aşakdaky okuw meýilnmalalarynyň esasynda bilim berýär:

• Minecraft: emeli aňa giriş
• Roblox bilen oýun döretmek
• Python oýun programmirleme
• Unity 3D.

Aşgabatdaky CODDY® mekdebinde her toparda 10 okuwçy okaýar. Munuň özi bolsa, mugallymlara her bir okuwça aýratyn üns bermäge, olaryň her haýsynyň üstnünde has köp işlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu halkara mekdebi çagalary dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa kabul etmäge, öz IT kompaniýalaryny döretmäge we öňdebaryjy kompaniýalarda işlemäge kömek etmek maksadyna gönükdirilendir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň