«Şnobel baýraklary» eýelerine gowuşdy

22:5310.09.2021
0
5603

31-nji «Şnobel baýraklarynyň» ýeňijileri belli boldy. Olaryň gowşurylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçirildi.

Şu gezek 24 ýurduň alymlary Antinobel baýragy diýlip atlandyrylýan baýragyň laureatlary boldular. Baýrak «ilki sizi güldürýär, soň pikirleniň» diýlen ugurly gözlegler üçin berilýär.

Emin agzalary tarapyndan saýlanan eserleriň göräýmäge manysyz ýaly görünýändigine garamazdan, olaryň köpüsi henizem ylmy gymmatlyk bolup durýar diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Şeýlelik bilen, ýüzüňe urlanda sakgalyň «gorag hyzmatlaryny» kesgitleýän iş «Parahatçylyk baýragy» bilen sylaglandy.

Ykdysadyýet pudagynda ýewropaly alymlar syýasatçylaryň semizlik derejesiniň ýurtdaky korrupsiýa derejesine laýykdygyny subut edendikleri üçin sylaglandy.

«Ria.ru»-nyň habaryna görä, ekologiýa pudagynda Ispaniýanyň we Eýranyň alymlary genetiki derňew usulyny ulanyp, dürli ýurtlaryň pyýadalarynda taşlanan sakgyçlarda tapylan bakteriýalaryň görnüşlerini öwrenmek üçin ulanypdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň