Özbegistanda tapylan dinozawr süňkleri barlagdan geçirildi

22:0910.09.2021
0
5155

Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) alymlary Özbegistandaky Gyzylgum çölünde tapylan dinozawr süňküni anykladylar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu bir wagtlar azyk zynjyrynyň başynda duran äpet dinozawrlaryň täze görnüşidir.

Beýik Britaniýanyň «Royal Society Open Science» žurnalynda çap edilen makala görä, takmynan, 90 million ýyl ozal ýaşan dinozawr tirannozawrlaryň başlangyjydyr. Dinozawryň uzynlygy 15 santimetre ýetýän pyçak ýaly ýiti dişleri bolupdyr. Agramy 1 tonnadan geçýän nägehanyň burnundan guýrugyna çenli uzynlygy 8 metre ýetipdir diýlip çaklanylýar.

Alymlaryň pikiriçe, olar bir mahallar şu ekoulgamdaky iň uly ýyrtyjy bolan bolmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň