Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Aşgabatdaky raýatlarynyň koronowirusa garşy sanjymy nirede kabul etjekdigi belli boldy

21:1808.09.2021
0
10240

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda ýaşaýan raýatlary koronowirus pandemiýasyna garşy sanjymlary şäherdäki 15-nji saglyk öýünde kabul edip biler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçihana türk raýatlarynyň koronawirusa garşy sanjym meýilnamasyna goşulmagyny isledi. Netijede, türkmen tarapy türk raýatlarynyň Aşgabatdaky 15-nji saglyk öýüne ýüz tutup biljekdigini we munuň her gün 13:00-dan 17:00-a çenli mümkindigini habar berdi.

Saglyk öýi adamlaryň has köp ýygnanmagynyň öňüni almak üçin sagatda 16 adama sanjym etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ilçihana raýatlara lukmançylyk merkezine öňünden ýüz tutmagy we gorag örtüklerini dakynyp, 2 metrlik howpsuz aralygy saklamagy maslahat berýär.

Türkmenistanyň başga şäherlerinde ýaşaýan türk raýatlarynyň sanjymy nirede kabul etjekdigi heniz belli däl. Olara sanjym meselesi bilen bagly embassy.ashgabad@mfa.gov.tr. Elektron salgysy bilen habarlaşmak maslahat berildi.

Has giňişleýin maglumat üçin +99312940027 ýa-da +99312940029 belgili telefonlara ýüz tutup bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň