DIM: Türkmenistan Owganystan meselesi boýunça sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenip düzülmegini goldaýar

19:2508.09.2021
0
7791

Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapyna wekilçilik etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, geňeşmelere Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan edip: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň