Daniýada mundan 1500 ýyl ozalky altynlar tapyldy

20:3107.09.2021
0
6139

Daniýanyň Ýelling şäheriniň golaýyndan VI asyra degişli täsin altyn önümleri tapyldy. Jemi agramy 945 gram bolan 22 altyn önümden ybarat hazyna 2020-nji ýylyň dekabrynda tapyldy.

Şeýle-de bolsa, Vejlemuseerne we Daniýanyň Milli muzeýi tapyndylary gizlin sakladylar. Taryhçylaryň pikiriçe, tapylan şaý-sepler, takmynan, 1500 ýyl ozalky döwre degişlidir. Alymlar bu hazynanyň günüň janlanmagy we ýene-de ýylylyk berip başlamagy üçin gadymy taňrylara gurban bolandygyny öňe sürýärler.

«News.mail.ru»-nyň habaryna görä, 536-njy ýylda Ýer ýüzünde bolup geçen meşhur howa betbagtçylygyna gabat gelýän tapyndynyň ýaşy muny subut edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň