Türkmenistanyň Milli bilim instituty we “Dalçyn” bilim merkezi bilelikde paýtagt mekdepleriniň mugallymlary üçin iňlis dili mugallymlaryna niýetlenen öňdebaryjy tehnologiýalar we iňlis dilini öwretmegiň häzirki zaman usullary boýunça öndümli okuw geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.
Okuw maksatnamasy Kembrij uniwersitetiniň, Iňlis diliniň öndümli mekdebiniň (ISE, Braýton) we Dalçyn bilim merkeziniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi.
Bu çäre gibrid formatda geçirilip, doly okuw sapaklary “Dalçynyň” hünärmenleri Kuwwat Melebaýew we Anastasiýa Babuşkina tarapyndan berildi. Olar 2019-njy ýylda Angliýada ISE Braýtonyň CELTA (Ululara iňlis dilini öwretmek şahadatnamasy) iňlis dili mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrýan gysga okuwy üstünlikli tamamlap, tälimçiniň şahadatnamasyna eýe boldular.
Okuwyň ikinji bölümi, ISE akademiki programmalarynyň müdiri, hanym Kristin-Reba Edj tarapyndan onlaýn görnüşde geçirildi.
Gatnaşyjylar 4 hepdelik okuwyň dowamynda iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmegiň häzirki zaman usullary, okuw döwründe zerur bolan öňdebaryjy tehnologiýalar we sanly çeşmeler bilen tanyşdylar.
Bilermenler maglumat bermegiň täsirli usullaryny, okuwçylaryň ünsüni özüne çekmek we okuwda üstünlik gazanmagyň esasy faktorlaryndan biri hasaplanýan, geçilenleri gaýtalap berkitmek strategiýalaryny diňleýjiler bilen paýlaşdylar.
Aýry-aýry bölümler okuwy gözegçilikde saklamak we baha bermek, grammatika we söz baýlyklaryny öwretmegiň usuly, okamak we diňlemek endiklerini ösdürmek, sözleýişi kämilleşdirmek, şeýle hem dersde görkezme esbaplaryny ulanmak bilen baglanyşyklydy. Okuwyň interaktiw böleginde, gatnaşyjylar dürli oýun maşklary bilen tanyşdylar.
Okuwyň ahyrynda, okuwa gatnaşyjylar ýazmaça synaga girdiler, şeýle hem alnan bilimlerine baha berlen açyk sapaklaryň birnäçesini geçirdiler. Synag taslamasynyň netijesinde, paýtagt mekdeplerinde iňlis dili mugallymlary üçin yzygiderli hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmek meýilleşdirilýär.