Türkmenistan VI Hazar mediaforumyna gatnaşar

20:1704.09.2021
0
6556

Türkmenistanyň wekiliýeti 10-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda onlaýn görnüşinde geçiriljek VI Hazar mediaforumyna gatnaşar. Bu barada media-caspy web saýty habar berýär.

Forumyň esasy mowzuklary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde syýahatçylyk we milli miras bolar.

Çärä Hazarýaka döwletleriniň žurnalistleri, gurnaýjy tarapyň ýolbaşçylary we beýleki wekiller gatnaşar.

Forumyň çäginde KHBS-niň wekilleri üçin brifing we «Serhetsiz Hazar» bäsleşiginiň jemleýji dabarasy geçiriler.

Forum baradaky doly maglumatlary media-caspy.astrobl.ru web saýtyndan alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň