«Teslanyň» awtosürüjili ulaglarynyň çykjak senesi belli boldy

19:2204.09.2021
0
4033

Ilon Mask özüniň «Twitter» sahypasynda «Tesla» elektrik ulaglary üçin doly awtosürüji ulgamynyň goýberiljek senesini paýlaşdy. Şeýlelikde, 17-nji sentýabrda ulgamyň beta wersiýasy çykar.

Onuň satuwa niýetlenen görnüşi oktýabr aýynyň başynda çykar. Awtopilot, degişli tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Tesla» elektrik ulaglarynyň ähli eýeleri üçin tölegli täzelenme hökmünde elýeterli bolar.

«Iz.ru»-nyň habaryna görä, birinji tapgyrda doly awtosürüji diňe ABŞ-da hasaba alnan we işleýän elektrik ulaglary üçin elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň