Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi

22:3503.09.2021
0
24668

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýat häkimliginiň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýurdumyza gelen ýapon wekiliýetiniň, daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda bu iri desga açyldy we dolandyryş binasynyň maslahatlar zalynda dabaraly mejlis geçirildi.

Lebap welaýatynda dabaraly açylan täze elektrik stansiýasy ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde guruldy. “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar.

Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Energobloklardan başga-da zerur bolan kömekçi desgalar guruldy. Desganyň kömekçi potratçylyk işlerini energetika desgalarynyň gurluşygynda uly tejribesi bolan “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýasy ýerine ýetirdi.

Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýakyn geljekde Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny bug we gaz turbinalaryny ulanmak arkaly utgaşykly dolanyşyga geçirmek meýilleşdirilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel elektroenergetikasy boýunça taslamalaryň hem geljegi uludyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýapon kompaniýalary hem gatnaşyp biler.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň täze desgasy barada maglumat berýän wideofilm görkezildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan elektrik stansiýasynyň işgärlerine täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň