Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň çagalary we ýetginjekleri üçin Halkara işewürlik mekdebi – «MiniBoss» elýeterli boldy

10:2403.09.2021
1
11042

Aşgabatdaky «Iş Nokady» iş merkezi çagalar we ýetginjekler üçin işewürlik biliminde dünýä meşhur 1-nji markanyň – «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekili boldy.

«MiniBoss Business School» – bu Garwardyň bir görnüşi bolup, 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalara telekeçiligi öwredýän we olaryň ähli mümkinçiliklerini açýan dünýädäki ýeke-täk çagalar işewürlik mekdepleriniň ulgamydyr.

«MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebiniň wezipesi karar bermäge we düýpli pikirlenmäge ukyply ýolbaşçylary ösdürmeklikdir. Durmuşda örän köp üstünlik gazanan telekeçileriň ykbal ýoluna ser salsaň, olaryň çagalykdan işewür bolmaklyk arzuwyny maksat-myrada öwürmeklik üçin tutanýerlilik görkezendiklerine, bu babatda zerur hünärleriniň binýadyny çagalyk döwründe goýandyklaryna anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.

«MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebiniň esasy artykmaçlyklaryndan biri hem, örän amatly we çeýe okuw meýilnamasynyň bolmaklygydyr. Bu ýerde sapaklar özbaşdak we onlaýn formatda geçirilýär.

«MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebi näme öwredýär? 8 ýylyň dowamynda çagalar telekeçilik endiklerini özleşdirýärler, bilimlerini üstünlikli taslamalara öwürmegi, bir toparda işlemegi, işewürlik gatnaşyklaryny gurmagy we işewür pikirleri döretmegi öwrenýärler. Işewürligi meýilnamalaşdyrmak we kärhanany dolandyrmak, prezentasiýalar döretmek hem işlemek we ş.m boýunça tälim alýarlar.

Telekeçilik boýunça dünýä çempionaty her ýyl «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebinde geçirilýär. Ýeke-täk (unikal) «MiniBoss» usulyýeti aşakdaky başlangyç bilimleri öz içine alýar: interaktiw oýunlary, toparlaýyn oýunlar, ussatlyk sapaklary, iş oýunlary, kompýuter synaglary, işewürlik festiwallary, işewürlik inkubatorlary, başlangyç forumlary, hünär karty, başlangyçlarda milli çempionat, dünýä çempionaty, halkara işewürlik, işewürlik gezelençleri, halkara maşgala lagerleri we başgalar.

Türkmenistandaky «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebiniň müdiri Jemile Kerimowa:

«Türkmenistanyň çagalarynyň hem işewürlik ugrundan okap, halkara çempionatlaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň baýdagy astynda ýeňiş gazanyp biljekdigine begenýärin.» - diýip belledi.

Her ýyl bir okuwy gutarandan soň, uçurymlar sekiz ýyllyk okuwdan soň halkara şahadatnamasyny – geljekde dünýäniň iň gowy uniwersitetlerine gapylary açyp biljek, işewürlik boýunça Beýik Britaniýanyň halkara diplomyny alarlar.

Türkmenistandaky «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebinde eýýäm okuwa kabul edişlik başlandy.

Türkmenistandaky «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebi bilen habarlaşmaklyk üçin telefon belgi: + 9931246-81-65.

Türkmenistandaky «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebi barada has giňişleýin maglumaty ashgabat.miniboss-school.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Türkmenistandaky «MiniBoss Business School» atly halkara işewürlik mekdebiniň instagram hasaby: @miniboss_ashgabat

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň