Soňky habarlar

Arhiw

Awaza etrabyna täze ýolbaşçylar bellenildi

23:1030.08.2021
0
14948

30-njy awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Awaza etrabynyň ýolbaşçylaryny wezipeden boşatmak we wezipä bellemek bilen bagly käbir resminamalara gol çekdi:

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen, Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu wezipelere Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazow hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň