Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatyndaky maldarçylyk hojalygynda 1500 tonna golaý meýdan oty taýýar edildi

14:1929.08.2021
0
4956

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynda häzire çenli 1453 tonnadan gowrak meýdan oty taýýarlanyp, dowarlaryň gyşladyljak öri meýdanlaryna eltilip goýuldy diýip, «Jeyhun.news» «Bereketli toprak» gazetine esaslanyp habar berýär.

Bu hojalykda öňümizdäki gyş pasly üçin 2 müň 643 tonna ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak meýilleşdirilipdir. Şu günler alnyp barylýan işleriň depgini ot taýýarlaýjylaryň bu wezipäniň hötdesinden geljekdiklerinde habar berýär.

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem döwlet eýeçiligindäki mallar üçin gyş döwrüne niýetlenip, ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu derwaýys işe ýeterlik adam güýji we tehnika çekildi. Ýöriteleşdirilen ot-iým taýýarlaýjylar toparlary döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň