Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda ammiak we metanol öndürýän zawod gurlar

23:0827.08.2021
0
17378

Türkmenistanda Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek hem-de onuň ygtyýarnamasy esasynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Şoňa görä-de, bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakda kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen, taraplaryň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde türkmen Liderine berlen hasabatda aýdyldy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belläp, degişli wise-premýere täze taslamany işläp taýýarlamak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini hem aýtmak gerek. Türkmenistan bu meşhur kompaniýanyň işläp taýýarlan TIGAS tehnologiýasy boýunça amala aşyrylýan GTG — gas to gasoline taslamasyny täjirçilik derejesinde durmuşa geçirýän ilkinji döwletdir. Bu tehnologiýa 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda açylyp, ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda ornaşdyryldy. Kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň