Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan 19-njy ýörite uçuşyny amala aşyrdy

23:0327.08.2021
0
15503
Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan 19-njy ýörite uçuşyny amala aşyrdy

Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan nobatdaky ýörite uçuşy şu gün Türkmenabatdan Moskwa ugrady. Diplomatik missiýanyň web sahypasyna görä 173 adam S7 howa ýollarynyň uçuşy bilen Russiýanyň paýtagtyna gitdi.

Habarda "«lçihana «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasyna Türkmenabat ― Moskwa gatnawynyň ýolagçylary üçin Aşgabat ― Türkmenabat goşmaça içerki gatnawy gurnandygy üçin sag bolsun aýdýar» diýilýär.

Bu Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan 19-njy ýörite uçuşydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň