Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine garaldy

23:0425.08.2021
0
25117

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminama gol çekdi.

M.Geldinyýazow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä S.Toýlyýew bellenildi. Ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy wezipesini hem ýerine ýetirer.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin O.Gurbanow bilim ministri wezipesinden boşadyldy.

Bilim ministri wezipesine G.Ataýewa bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, A.Gylyjow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Mämmedow bellenilip, ol Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesinden boşadyldy.

A.Rejebow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowy eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Atagaraýewi belledi.

Milli Lider Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini dowam edip, häzirki döwürde ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, öňüni alyş çäreleriniň we lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur arassaçylyk, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň talaba laýyk alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň täsirine garşy mundan beýläk-de alnyp barylmaly ilkinji nobatdaky işler bilen bagly meseleler barada aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekip, milli Lider bu ugurda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde we toplumlaýyn işlemeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem milli Lider ilata edilýän ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigi barada aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan jemgyýetçilik ulaglarynyň sany zerurlyga görä köpeldilmelidir hem-de toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde koronawirus ýokanjynyň bar döwründe onuň ýurdumyza aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly çäreleri güýçlendirmek, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, beýleki edara-kärhanalarda alnyp barylýan göreş çärelerini talabalaýyk guramak, sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmek maksady bilen, halkara tejribäni öwrenmek esasynda degişli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmek, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerur hasaplanylýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýz we gyş pasyllarynda howanyň tebigy şertleriniň üýtgemegi bilen bagly, dem alyş ýollary ýiti sowuklama has çalt duçar bolýar, şonuň üçin köpçülikleýin sowuklamanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda bellenen ýylylyk derejesini saklamak üçin ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz, kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň