Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen wekilini kabul etdi

17:4624.08.2021
0
8933

24-nji awgustda BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.

Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň halkara giňişliginde tutýan işjeň ornuny, BMG-sy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ýuruduň global we sebitleýin häsiýetli meseleleriň çözgüdini tapmakda döredijilikli gatnaşmagyny belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda geljekde strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugurlary, esasanam, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ykdysady diwersifikasiýa, durmuş taýdan goraglylyk, adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek hem-de howanyň üýtgemeginiňtäsirlerini peseltmek ýaly ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretarynyň durnukly ösüş ugrunda we adam hukuklarynyň bähbidine, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşymilli derejede çäreleri işläp düzmek we geljekde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak maksady bilen Hereketleriň Onýyllygy we ş.m. çäreleri görmek ugrunda çagyryşlaryny teklip edýän global başlangyçlary işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykdan soňra jenap Dmitriý Şlapaçenko metbugat wekillerine ýüzlendi:

“Meniň üçin onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirmek uly hormatdyr. Men BMG-niň ösüş ulgamy bilen Türkmenistanyň arasynda ýurduň durnukly ösüşi, Türkmenistanyň gülläp ösmegi we Türkmenistanyň halkynyň abadançylykda ýaşamagy üçin ähli ileri tutulýan ugurlarda strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-depugtalandyrmakda ähli tagallalary etjekdigimi tassyklaýaryn" – diýip jenap Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň