Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Minsk awtoulag zawodyna baryp gördi

16:4520.03.2025
0
21146

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew Minskiniň awtoulag zawodyna (MAZ) baryp gördi. Bu barada Minskdäki Türkmen ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan gurnalan bu sapar awtoulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Myhmanlara dürli howa şertlerinde ulanmak üçin MAZ tarapyndan öndürilen ýük awtoulaglarynyň iň soňky modelleri, şeýle hem energiýa tygşytlaýan hereketlendirijileri we amatly salonlary bolan şäher we şäherara awtobuslarynyň täze modelleri görkezildi.

Şeýle hem sergide «Dakar» ralli ýaryşyna gatnaşmagy bilen meşhur bolan MAZ sport awtoulaglary görkezildi. Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu ulaglar Belarusyň awtoulag senagatynyň ýokary ygtybarlylygynyň we tehnologiki ösüşiniň aýdyň görkezijisidir.

MAZ zawodynyň ýolbaşçylary GDA ýurtlarynyň hemişelik wekilleri bilen duşuşyk geçirdi, şol döwürde ilçi Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň awtoulag pudagynda Belarus kärdeşleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

MAZ zawodynyň ýolbaşçylary öz gezeginde tehnikalaryny GDA ýurtlaryna ibermäge we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň